Ýoldaş M. Annaýewe "Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri" diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş M. Annaýewe "Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri" diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1999 ý., № 9, 463-nji madda)
Garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň milli medeniýetini ösdürmekde, ýaş neslimizde aýdym-saz sungatyna höwesi artdyrmakda, şeýle hem ýaşlary watansöýüjilik ruhynda terbiýelemekde bitiren uly hyzmatlary üçin, Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň direktory ýoldaş Myrat Annaýewe "Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri" diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1999-njy ýylyň 30-njy sentýabry
№ PP-2967