Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ussat gallaçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ussat gallaçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ussat

gallaçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 7, 307-nji madda)

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň oba hojalygyny düýpli özgertmekde öňde goýan maksatnamalarymyzy üstünlikli dumuşa geçirmekde, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde we ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, çeken halal zähmeti hem-de 2005-nji ýylda Watan ammaryna ilkinji gezek 3 million 100 müň tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaýy tabşyryp, gazanan ajaýyp zähmet ýeňşimize goşan saldamly goşandy mynasybetli, karar edýärin:

III derejeli “Altyn asyr”ordeni bilen:

Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň 'Tejen" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýolaman Gadamowy,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Tokaý hojalygynyň kärendeçisi Mämmedaly Mämmedalyýewi,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şadurdy Bekiýewi,

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň "Mürzebeggala" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Merýem Geldiýewany,

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň "27-nji Oktýabr" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hurma Ataýewany;

"Gaýrat" medaly bilen:

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň "Bereket" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Töre Sapargylyjowy,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň "Ýaşyl depe" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annageldi Annaýewi,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň "Balkan" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amandurdy Aşyrowy,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň "Türkmenistan" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nurberdi Muhamowy,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň "Babadaýhan" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aşyrmuhammet Söýünowy,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň "Maldarçylyk" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Täjigül Begçerowany,

Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň "Parahat" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bagda Abdyllaýewany,

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň "Azatlyk" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Abdylla Gurbanowy,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň "Zähmet" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Oraztäç Annagylyjowany,

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň "Baýramaly" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýazgeldi Ataýewi;

"Watana bolan söýgüsi üçin" diýen ýubileý medaly bilen:

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň "Serdar" oba hojalyk paýdarlar jmgyýetiniň "Büzmeýin" bölüminiň kärendeçisi Parahat Abdyýewi,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň "Watan" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Muhammetmyrat Begmyradowy,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Taganmämmet Gazakbaýewi,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň "Paraw" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kuwwatgeldi Myradowy,

Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň J. Hudaýbergenow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amanbaý Mätýakubowy,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň "Bereket" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýbibi Togalakowany,

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň "Daýhan" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Orazgül Muhyýewany,

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň "Gyzylgum" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbangeldi Joraýewi,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň "Marçak" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nurjemal Nedirowany,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň "Momotaý" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Dursunjemal Ýarekowany sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 13-nji iýuly

№ PP-4310