Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

A. Suwhanowa "Türkmenistanyň at gazanan artisti" diýen hormatly ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

A. Suwhanowa "Türkmenistanyň at gazanan artisti" diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

A. Suwhanowa "Türkmenistanyň at gazanan artisti"

diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 2, 60-njy madda)

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, teatr sungatyny ösdürmäge goşan ajaýyp goşandy üçin, Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynyň artisti Akjagül Suwhanowa "Türkmenistanyň at gazanan artisti" diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 4-nji fewraly

№ PP-4216