M. Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
M. Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 8, 298-nji madda)
Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birlesmesiniň işini guramakda, kämilleşdirmekde we ösdürmekde gazanan üstünlikleri hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken döredijilikli halal zähmeti üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Taryh institutynyň direktory, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşmesiniň wise-prezidenti Muhammet Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2004-nji ýylyň 12-nji awgusty
№ PP-4089