Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Baky Bitarap Türkmenistanyň ussat gallaçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Baky Bitarap Türkmenistanyň ussat gallaçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Baky Bitarap Türkmenistanyň ussat gallaçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 8, 390-njy madda)

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gadymy bereketli topragyndan 2 million 300 müň tonnadan gowrak guşgursak «ak bugdaýyň» öndürilmegi edermen gallaçylarymyzyň ajaýyp zähmet ýeňşidir. Ähli halkymyz edermen kärendeçilerimiziň we mülkdarlarymyzyň bu taryhy üstünligini gutlamak bilen, olara buýsanýar we guwanýar.

Gahryman ata-babalarymyz «ak bugdaýyň» her bir dänesini altyna, zere deňäp, ony berekediň we döwletliligiň gözbaşy hasap edipdirler. Eşretli geljegimize bolan beýik ynamdan ylham alýan zähmetsöýer babadaýhanlarymyzyň ýere tohum atylandan tä orak döwrüne çenli çeken tutanýerli, joşgunly, halal zähmeti netijesinde saçaklarymyzyň berekedi köpeldi, eziz halkymyzyň hal-ýagdaýy öňküden-de gowulandy, maşgala ojaklarymyzyň döwleti, höziri artdy. Gallaçylarymyzyň bu gahrymançylygy öwgä, hormata we sylaga mynasypdyr. Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň agzybir halkynyň bitiren aýratyn hyzmatlaryny, ýurdumyzda bolçulygy gazanan ajaýyp üstünliklerini, her gektar ýerden 60-70 sentnerden aşyryp «ak bugdaýyň» ýokary hasylyny almakda görkezen ussatlyklaryny, çeken halal zähmetlerini göz öňünde tutup hem-de türkmen halkymyzyň altyn asyrynyň üçünji ýylynda gallaçylaryň gazanan ajaýyp taryhy ýeňşini dabaralandyrmak maksady bilen karar edýärin:

1. Şu ussat gallaçylary Türkmenistan döwletimiziň aşakda görkezilen ordenleri bilen sylaglamaly:

«Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen:

Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň M. Sopyýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Juma Gelenowy;

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Baýrammuhammet Nurlyýewi;

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amanmyrat Paşalakowy;

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Dänata» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Täjigül Rejebowany;

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Purnuwar» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hajydurdy Çopanowy;

Balkan welaýatynyň Garrygala etrabynyň Tokaý goragy we nahalhana kärhanasynyň kärendeçisi Baýramdurdy Tagannurowy;

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maýa Toýlyýewany;

Daşoguz welaýatynyň Ýylanly etrabynyň N. Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Begjantöre Baýramowy;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S. Hojaýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbanmyrat Saparmedowy;

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nyýazmyrat Garjykowy;

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi: Jepbarguly Joraýewi;

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Joraguly Öwlüýägulyýewi;

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Tarp ýer» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Meret Gulowy;

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurtmämmet Garaýewi;

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen:

Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň S. Nyyazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kadyr Bäşimowy:

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň S. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hudaýnazar Gurbannazarowy;

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz etrabynyň S. Rozmetow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Polat Sabyrowy:

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Gök we bakjaçylyk ylmy-önümçilik synag merkeziniň kärendeçisi Gülälek Astanowany;

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annagurt Baýramowy;

«Galkynyş» ordeni bilen:

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Duşak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nurmyrat Berdiýewi;

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bäşi Nurgylyjowy;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Söýün Jumaýewi;

Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sapargül Garýagdyýewany;

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Azalow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sapargeldi Muhadowy;

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annamyrat Nurmuhammedowy.

2, Şu Permanyň 1-nji bölegine laýyklykda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ussat gallaçylaryň her birine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan MTZ-80 X traktoryny sowgat gowşurmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2002-nji ýylyň 8-nji awgusty

№ PP-3690