R. Arnagylyjowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
R. Arnagylyjowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly
ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 5, 247-nji madda)
Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren hyzmatlary, Beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýän aýdym-sazlary döredenligi we ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Medeniýet öýüniň aýdymçysy Rahmet Arnagylyjowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2002-nji ýylyň 7-nji maýy
№ PP-3639