Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

2000-ýyl üçin Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

2000-ýyl üçin Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M AN Y

2000-ýyl üçin Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 2, 118-nji madda)

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň çözgüdine laýyklykda, karar edyärin:

Türkmenistanyň arheologiýasy we taryhy boýunça ylmy barlaglara goşan görnükli goşandy, türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmekde we dünýa ýaýmakda, türkmen alymlaryny taýarlamakda, şeýle hem türkmen we rus halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren hyzmatlary üçin, Russiýanyň Tebigat ylymlary akademiýasynyň akademigi, Russiýa ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniyetiň taryhy institutynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz bölüminiň müdiri Wadim Mihaýlowiç Massona 2000-ýyl üçin Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 21-nji fewraly

№ PP-3064