Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

L. J. Amanniýazowa Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

L. J. Amanniýazowa Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

L. J. Amanniýazowa Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 11-12, 4286-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünliklerde özüniň halal, janaýamazakly, asylly zähmeti bilen Watanymyzyň mundan beýläk-de pajarlap ösmegine, il-ýurt bähbitli maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşantlaryny goşýan merdana watandaşlarymyzyň uly paýy bar.

Berkarar döwletimiziň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny berkitmäge, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde öňde goýlan maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmek işine goşan uly şahsy goşandy, ýokary ussatlygy hem-de ezber hünärliligi üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmetini, gazanan ýokary zähmet üstünliklerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Lýudmila Jahatowna Amanniýazowa Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň dekabr aýynyň 09-y.

№ PP-7103