Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 10, 4276-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny pugtalandyrmaga, türkmen halky bilen beýleki halklaryň arasynda dost-doganlyk, ynsanperwer we medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan saldamly goşantlary, işjeň we önjeýli jemgyýetçilik işleri üçin, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Owganystan Yslam Respublikasynda ýaşaýan türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň başlygy Abdurahman Ahmady,

Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan türkmenleriň medeni jemgyýetiniň başlygy Hoja Murad Ata Murady,

Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde we Almaty welaýatynda ýaşaýan türkmenleriň medeni jemgyýetçilik merkeziniň başlygynyň orunbasary Abdulkarim Oguzhany,

«Ýamrali Trading GmbH» firmasynyň başlygy Bally Ýemrelini,

«Arzuw N. A.» hususy kärhanasynyň başlygy Abdul Hakim Nasserini.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 21-nji oktýabry.

№ PP-7089