Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 10, 4272-nji madda)

Ata Watanymyz Bitarap Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny uly üstünliklere besläp, guwandyryjy netijeler gazanmak bilen garşylaýar. Özbaşdak ösüşiň çärýek asyrynyň içinde eziz Diýarymyz asyrlara barabar ýol geçdi. Merdana halkymyzyň berkarar döwlet gurmak barada ýüzýyllyklaryň dowamynda edip gelen arzuw-umytlary doly hasyl boldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary sepgitlere ýetildi. Ozalky agrar ülke bolan Türkmenistan bu gün hemmetaraplaýyn gülläp ösýän, öz halkynyň agzybir, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün eden öňdebaryjy ýurda öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň ykdysady, durmuş we jemgyýetçilik ulgamlarynda gazanan üstünliklerinde dürli döwürlerde ýaşap geçen hem-de Garaşsyz Watanymyzyň ösüşine uly goşant goşan görnükli şahsyýetleriň mynasyp paýy bardyr. Halal we yhlasly zähmeti bilen uly abraýa eýe bolan şol şahsyýetleriň mertebesi il içinde hemişe belentdir.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda. ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň senagat, nebitgaz, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de beýleki pudaklaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, göreldeli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ylmyň we tehnikanyň, edebiýatyň, medeniýetiň we sungatyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu merhum raýatlaryny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen:

Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowy (merhum).

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Ata Gündogdyýewi (merhum),

Amanmämmet Ýaranowy (merhum),

Annamämmet Arslanowiç Mämmedowy (merhum),

Soltan Pirmuhammedowy (merhum),

Halnazar Amannazarowiç Agahanowy (merhum),

Aşyr Ataýewi (merhum),

Sähet Nepesowiç Myradowy (merhum),

Myrat Orazgulyýewiç Garryýewi (merhum),

Orazmyrat Nyýazmyradowiç Nyýazlyýewi (merhum),

Sadulla Rozmetowy (merhum),

Muratberdy Sopyýewi (merhum),

Gurban Myradowiç Orazowy (merhum),

Matkarim Ražapowy (merhum),

Atadurdy Hudaýguliýewi (merhum),

Juma Durdy Baýramowy (merhum),

Sähet Şajaýewiç Batyrowy (merhum),

Ylýas Nobatowiç Berdiýewi (merhum),

Gurbanberdi Garýagdyýewi (merhum),

Aman Myradowiç Şanyýazowy (merhum),

Myrat Annanepesowy (merhum),

Mämmet Durdy Annagurdowy (merhum),

Soltanşa Atanyýazowy (merhum),

Öwez Ataýewiç Gündogdyýewi (merhum),

Ata Jykiýewi (merhum),

Kowsy Kurdowy (merhum),

Narzy Nurmämmedowy (merhum),

Orazgeldi Öwezgeldiýewi (merhum),

Pena Rejepowy (merhum),

Tagangeldi Täçmyradowy (merhum),

Jora Allakowy (merhum),

Ýegen Atagarryýewi (merhum),

Aşurpur Nurmamet Mered ogluny (merhum),

Altymyrat Orazdurdyýewi (merhum),

Baýramgül Saparmyradowany (merhum),

Sülgün Çaryýewna Berkeliýewany (merhum),

Raisa Habibowna Bakasowany (merhum),

Walentina Tihonowna Lawrinenkony (merhum),

Natalýa Nikolaýewna Grisaýenkony (merhum),

Maýagözel Ýazykowany (merhum),

Annaberdi Agabaýewi (merhum),

Kaýum Taňrygulyýewi (merhum),

Osman Hojageldiýewiç Odeýewi (merhum),

Nury Baýramowy (merhum),

Ýylgaý Durdyýewi (merhum),

Hudaýberdi Durdyýewi (merhum),

Baba Annanowy (merhum),

Aman Durdy Agajikowy (merhum),

Ata Alawowy (merhum),

Baýram Abdyllaýewi (merhum),

Ahmet Amanowiç Pursiýanowy (merhum),

Şamuhammet Akmuhammedowy (merhum),

Ýakub Gulyýewiç Annanurowy (merhum),

Izzat Nazarowiç Gylyjowy (merhum),

Mahtumguly Zežowowiç Nurymowy (merhum),

Juma Jumadurdyny (merhum),

Aýhan Annamuhammedowiç Hajyýewi (merhum),

Aşyr Kulyýewi (merhum),

Welimuhamed Muhatowy (merhum),

Nury Muhatowy (merhum),

Çary Nurymowy (merhum),

Hydyr Allanurowy (merhum),

Ilaman Annaýewi (merhum),

Ödenýaz Nobatowy (merhum),

Nurmyrat Annamyradowy (merhum),

Baýram Seýdullaýewi (merhum),

Renat Husnullowiç Ismailowy (merhum),

Myrat Sadykowy (merhum),

Muhammet Çerkezowy (merhum),

Salawat Kamalowiç Abdullini (merhum),

Näzik Annatyýewany (merhum),

Ýelizaweta Saparowna Garaýewany (merhum),

Nurjamal Soýunowany (merhum),

Swetlana Ismailowna Jafarowany (merhum),

Džamal Gurban Annaniýazowany (merhum),

Akja Jumadurdyýewany (merhum),

Nurjamal Adyýewany (merhum),

Sülgün Meretgeldyýewany (merhum),

Akjagül Myradowany (merhum),

Kümüş Astanowna Hezretgulyýewany (merhum),

Roza Hudaýbergenowany (merhum).

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 21-nji oktýabry.

№ PP-7084