Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016 ý. № 8-9, 4243-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyz ähli ugurlar boýunça guwandyryjy netijelere eýe bolýar. Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly ýubileýini mynasyp garşylaýan Bitarap Türkmenistanyň her güni beýik ýeňişlere, şöhratly wakalara beslenýär. Agzybirligiň, ruhubelentligiň hem-de abadan durmuşyň ýurdy bolan eziz Diýarymyz gazanýan ýokary netijeleri, eýeleýän belent sepgitleri, dost-doganlyk we parahatçylyk ýörelelerine esaslanýan hoşniýetli daşary syýasaty bilen Ýer ýüzünde uly abraý gazanýar.

Garaşsyz Watanymyzyň üstünliklerinde, mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesliň bitirýän hyzmaty örän uludyr. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Möhüm ähmiýetli başlangyçlara olaryň ak patasy bilen badalga berilýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ýöredýän içeri we daşary syýasatyny halkymyza düşündirmekde hem sarpaly ýaşulularymyzyň hyzmaty örän uludyr.

Ýaşuly nesliň gün-günden ösýän we özgerýän agzybir jemgyýetimizdäki ornuna, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz ýokary baha berýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelge nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly:

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Gurluşykmateriallary» kombinatynyň sakçysy Agamämmet Bäşimowa,

Türkmenbaşynyň Ruhy metjidiniň mütewellisi Rejepmämmet Ataýewe,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Jumamyrat Gurbangeldiýewe,

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Döwgala geňeşliginiň Döwgala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Garýagdy Mämmedowa,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginiň Ýaňgala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Ata Aşyrowa,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Hanýap geňeşliginiň Hanýap obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Sapargeldi Baýramowa,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amangeldi Rejepowa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hudaýguly Annagurbanowa,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Könekesir geňeşliginiň Çukurýurt obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Aşyrmuhammet Gurbanowa,

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Suhan Babanowa,

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Täzezaman geňeşliginiň Dörtýap obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Rejep Bazarowa,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Akdepe şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Şyhberdi Geldiýewe,

Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň Amyderýa şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Sahypnazar Ilnazarowiç Allaýarowa,

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Jora Nobatowa,

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Tallymerjen geňeşliginiň Tallymerjen obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Hudaýberdi Allaberdiýewe,

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Allaberdi Baýramowa,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Goňur geňeşliginiň Garagoňur obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Ýazmyrat Atakowa,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkamaşa geňeşliginiň Magtymguly adyndaky obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Durdyoraz Allamyradowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 14-nji sentýabry.

№ PP-7070