Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini

döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 7, 4172-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, bilim ulgamlary, ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin bäsleşige ukyply ýokary bilimli kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin:

1. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersitetini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyna bermeli.

3. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersitetini üýtgedilip guralan Halkara türkmen- türk uniwersitetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Toýlyýew, Türkmenistanyň Bilim ministri we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 15-nji iýuly.

№ PP-7041