Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Prokurorlary wezipä bellemek
we wezipeden boşatmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, №2, 3956-njy madda)
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Meýlis Rejepdurdyýewiç Atageldiýewi Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň prokurory wezipesinden boşatmaly;
ýustisiýanyň geňeşçisi Babaýew Ilmyrat Nazarowiçi, gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly
Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň fewral aýynyň 14-i.
№ PP-6917