Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

A. Şagulyýewa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

A. Şagulyýewa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

A. Şagulyýewa «Türkmenistanyň Gahrymany»

diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý. № 9, 3774-nji madda)

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, Berkarar döwletimiziň milli medeniýetini, çeper edebiýatyny we şygyr sungatyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny, gazanan ajaýyp üstünliklerini, ýiti zehini, örän çeper, şahyrana döredijiligi bilen ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy belentden wasp etmekde, dünýä ýüzünde şöhratlandyrmakda, ýaş nesillerimizi halal we göreldeli zähmetiň asyl nusgasynda terbiýelemekde bitiren giň gerimli işlerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, «Edebiýat we sungat» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüm müdiri Amangözel Şagulyýewa iň ýokary tapawutlandyryş derejesini - «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» altyn medalyny gowşurmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2015 ý. sentýabr aýynyň 10-y

№ PP-6815