Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
010.210.010
Milli bahar baýramy mynasybetli dynç
gününi geçirmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 3, 1862-nji madda)
Ýurdumyzyň ilatynyň Milli bahar baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2021-nji ýylyň 21-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta - sişenbe gününe geçirmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2021-nji ýylyň 19-njy marty
№ PP-820