Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2020 ý., № 12, 1694-nji madda)
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň goranmak ukybyny berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek işine goşan uly şahsy goşantlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we halal zähmetini, işjeň hem-de önjeýli döwlet işlerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň Goranmak ministri, general-maýor Begenç Ataýewiç Gündogdyýewi,
Türkmenistanyň Içeri işler ministri, polisiýanyň general-maýory Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, 2-nji hünär derejeli Gylyçmyrat Hallyýewi,
Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Batyr Taganowiç Atdaýewi,
Türkmenistanyri Döwlet serhet gullugynyň başlygy - Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy, general-maýor Şadurdy Amanmuhammedowiç Durdyýewi,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri, polkownik Gurbanmyrat Kakamyradowiç Annaýewi,
Türkmenistanyň Adalat ministri, ýustisiýanyň geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowy,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, maýor Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýewi,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik Bekmyrat Gurbanberdiýewiç Öwezowy,
Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy, podpolkownik Döwletgeldi Gurbangeldiýewiç Meredowy,
***
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň rektory, polkownik Şamyrat Annamyradowiç Amanowy,
Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň rektory, general-leýtenant Ismail Allamyradowiç Ismailowy,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň rektory, polkownik Serdar Aýmuhammedowiç Ýalkabowy,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň rektory, maýor Döwran Annabaýramowiç Aýdogdyýewi,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň rektory, podpolkownik Ýazgeldi Bäşimowiç Nuryýewi,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory, polisiýanyň podpolkownigi Nurmyrat Bäşimowiç Kowusowy.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly
Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 11-nji dekabry
№ PP-749