Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri O.A. Nazarbekowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri O.A. Nazarbekowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri O.A. Nazarbekowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2020 ý., № 6-7-8, 1544-nji madda)

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünliklerini we hünär ussatlygyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri Ozodbek Ahmadowiç Nazarbekowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 21-nji iýuny

№ PP-689