Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

160.050.030

160.020.060

010.120.060

190.010.020

020.010.030

190.020.020

Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini

kämilleşdirmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2020 ý., № 9, 1607-nji madda)

«Migrasiýa hakyndaky» hem-de «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlaryna pasportlary resmileşdirmegiň we bermegiň, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň hem-de ýazgydan çykarmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak wezipelerini Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklemeli.

2. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi kanunçylyga laýyklykda:

1) Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň ýedi iş gününiň dowamynda resmileşdirilmegini we dabaraly ýagdaýda berilmegini;

2) Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alynmagyny hem-de ýazgydan çykarylmagyny;

3) Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň blanklarynyň we pasport ulgamyna degişli beýleki resmi kagyzlaryň taýýarlanylmagyny üpjün etmeli.

3. Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak meselelerine garalan wagty kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmeli.

4. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan beýleki ähli edaralar, kärhanalar we guramalar zerur maglumatlaryň Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň görkezilmegi bilen tassyklanyp bilinjek ýagdaýynda, raýatlardan dürli delil hatlarynyň talap edilmegini aradan aýyrmaly.

5. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

6. «Türkmenistanda pasport ulgamyny kämilleşdirmek baradaky çäreler hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 4-nji maýynda çykaran 3103-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2000-nji ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň 245-nji maddasy) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

7. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, Türkmenistanyň Baş prokurory, Türkmenistanyň Içeri işler ministri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2020-nji ýylyň 02-nji sentýabry

№ PP-720