Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Hojahaýran geňeşliginiň çäginde täze ilatly ýeri we daýhan birleşigini döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Hojahaýran geňeşliginiň çäginde täze ilatly ýeri we daýhan birleşigini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Hojahaýran geňeşliginiň çäginde täze ilatly ýeri we daýhan birleşigini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 10, 734-nji madda)

Türkmenistanyň XX Halk Maslahatynyň oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, oba ýerlerini durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek barada kabul eden çözgütlerini durmuşa geçirmek, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň zähmetkeşleri üçin göwnejaý ýaşaýyş–durmuş şertlerini üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem Lebap welaýatynyň häkimliginiň teklipnamasyny nazara alyp, «Daýhan birleşikleri hakyndaky» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Hojahaýran geňeşliginiň çäginde oba derejesi bolan täze ilatly ýeri we daýhan birleşigini döretmeli.

Täze döredilen ilatly ýeri we daýhan birleşigini «Miras» diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 22-nji oktýabry

№ PP-4895