K. Ylýasowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
K. Ylýasowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 10, 726-njy madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ruhubelent aýdymlara ussatlyk bilen sazandalyk edýändigi üçin, Türkmen-türk uniwersitetiniň aýdym-saz mugallymy Kerim Ylýasowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2007-nji ýylyň 10-njy oktýabry
№ PP-4881