G. Gurdowa «Türkmenistanyň haik artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
G. Gurdowa «Türkmenistanyň haik artisti» diýen hormatly
ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 10, 716-njy madda)
Baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, beýik Garaşsyzlygymyzyň täze galkynyş döwrüni wasp edýän ruhubelent aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýändigi üçin, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Gülşat Gurdowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2007-nji ýylyň 10-njy oktýabry
№ PP-4871