Ussat halyçylary döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ussat halyçylary döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 5, 331-nji madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň agzybir halkynyň milli buýsanjyna öwrülen gadymy nepis halylarymyzyň şan-şöhratyny arşa götermäge, taýsyz gözelligi we täsinligi bilen äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi milli haly sungatymyzy ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge goşan şahsy goşandy, uzak yyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, hünär ussatlygy, Altyn asyrymyzda ýaş halyçylary ýetişdirmäge işeňňir gatnaşýandygy üçin we Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli:
Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky Türkmen halysynyň muzeýiniň halyçysy Sona Pürliýewna Amannazarowany,
Marydaky boýag çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Nurgözel Berdiyewna Amirowany "Watana bolan söýgüsi üçin" diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly;
Serdar şäherindäki çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oguldurdy Gulmyradowna Aşyrowa "Türkmenistanyň at gazanan halyçysy" diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2007-nji ýylyň 16-njy maýy
№ PP-4748