Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

A. T. Nurberdiýewany "Gurbansoltan eje" ordeni bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

A. T. Nurberdiýewany "Gurbansoltan eje" ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

A. T. Nurberdiýewany "Gurbansoltan eje" ordeni bilen

sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 2, 32-nji madda)

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, Altyn asyrymyzda gazanan üstünlikleri, çeken tutanýerli we halal zähmeti, ýurdumyzyň jemgyýeçilik durmuşyna işjeň gatnaşýandygy, kärdeşler arkalaşyklary hereketini ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin hem-de 50 ýaşynyň dolmagy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Akja Täjiýewna Nurberdiýewany "Gurbansoltan eje" ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 17-nji fewraly

№ PP-4615