Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 9, 528-nji madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda pajarlap ösýär we güýçli depginler bilen ynamly öňe barýar. Galkynýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Eziz Diýarymyzda öndürijilikli, döredijilikli zähmet gaýnap joşýar, mähriban halkymyz azat, erkin durmuşyň hözirini görüp, halal zähmet çekip, uly netijeleri gazanýar. Türkmenistanyň halkara abraýy hem barha artýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan parahatçylyksöýüjilikli, ynsanperwer syýasatyň netijesinde, eziz Watanymyz dostlugyň-doganlygyň, gülläp ösüşiň mekanyna öwrüldi.
Ýurdumyzda gazanylýan şu uly üstünliklerde ýaşuly nesliň örän uly paýy bar. Olar Watanymyzyň gülläp ösmegine, ýurt, sebit, bütin dünýä bähbitli maksatnamalaryň, çözgütleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz halal zähmetleri bilen mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaş nesli ilhalar, watansöýüji, ata-babalarymyzyň mukaddes ýörelgelerine wepaly adamlar edip ýetişdirmekde hem ýaşulularymyz örän uly işleri alyp barýarlar. Döwletimiz olaryň Watan öňünde bitirýän hyzmatlaryna uly baha berýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet berkararlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimizi ata Watanymyza, eziz halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bitiren uly işlerini we görkezen hyzmatlaryny, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň din boýunça ministr-geňeşçisi Mohammad Jora Tahirä;
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň "Bugdaýly" tejribe-tohumçylyk daýhan birleşiginiň başlygy Haknazar Ýazberdiýewe;
Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň ymamy Hojamuhammet Ataýewe;
Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Hangylyç Meretgylyjowa;
Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky Uzyn suw demir ýol bekediniň başlygy Orazmyrat Orazmeňliýewe;
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy Oraz Babaýewe;
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň "Täze durmuş" daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aşyr Wekilowa;
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Agajan Hallyýewe;
Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Döwlet Hallyýewe;
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky uruş weteranlary guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň başlygy Rejep Sapargeldiýewe;
Mary welaýatynyň häkimliginiň bilim, saglygy goraýyş, medeniýet jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş işlerini utgaşdyrýan bölüminiň müdiri Orazgeldi Hummedowa;
Aşgabat şäherindäki 35-nji orta mekdebiň mugallymy Rahman Gelliýewe;
"Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň Ylmy-barlag geologiýa-gözleg institutynyň direktory Ödek Akjaýewiç Ödekowa Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2008 ý. sentýabr aýynyň 26-sy.
№ PP-5179