Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

N. G. Mätgurbanowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

N. G. Mätgurbanowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

N. G. Mätgurbanowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 6, 407-nji madda)

Berkarar Türkmenistan döwletimizde hukuk tertibini pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlaryny, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşandyny, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Aýratyn möhüm işleri derňemek boýunça müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nurberdi Garlyýewiç Mätgurbanowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2008-nji ýylyň 23-nji iýuny

№ PP-5115