D. Baýramowy Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
D. Baýramowy Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin"
medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2008 ý., № 4, 255-nji madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ajaýyp sungat eserlerini ýokary ussatlyk bilen döredendigi, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti üçin, şeýle hem milli medeniýeti we sungaty söýýän ýaşlary terbiýelemekde bitiren işlerini göz öňünde tutup, suratkeş Durdy Baýramowy Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2008-nji ýylyň 15-nji apreli
№ PP-5072