Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň goşun generaly S. A. Nyýazow adyndaky Polisiýa akademiýasynyň täze binasyny açmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň goşun generaly S. A. Nyýazow adyndaky Polisiýa akademiýasynyň täze binasyny açmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň goşun generaly S. A. Nyýazow adyndaky Polisiýa akademiýasynyň täze binasyny açmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 8, 416-njy madda)

Türkmenistanyň içeri işler edaralary üçin ýokary bilimli hünärmenleri dünýä standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän şertlerde taýýarlamak, okuwlary häzirki zamanyň ösen tehniki enjamlary bilen üpjün etmek hem-de iň täze usullary we tejribeleri ulanmak esasynda guramak maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň goşun generaly S. A. Nyýazow adyndaky Polisiýa akademiýasyny Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän täze binasyna geçirmeli we şol ýeri Akademiýanyň hukuk salgysy diýip hasaplamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2009 ý. awgust aýynyň 30-y.

№ PP-5414