Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 5, 255-nji madda)
Ata-babalarymyzyň türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşiniň esasyny düzýän maşgala ojagynda ene mähremligini aýratyn hormatlap, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerini Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda has-da ösdürmek maksady bilen hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän sagdyn we ruhubelent nesilleri ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň gujur-gaýratyna uly sarpa goýmak bilen, karar edýärin:
Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren şu enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmaly:
Aşgabat şäheriniň Prezident Nyýazow adyndaky etraby boýunça jemagat önümçilik müdirliginiň meýdan süpürijisi Suraý Işangulyýewna Bozaganowa;
Aşgabat şäherinden öý hojalykçy Şasenem Nuryýewna Gaýypnazarowa;
Aşgabat şäherinden öý hojalykçy Bahargül Aşyrmuhammedowna Myratguliýewa;
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndan öý hojalykçy Annajeren Nurýagdyýewna Aşyrowa;
Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabyndan öý hojalykçy Annagözel Baýramgulyýewna Allaberdiýewa;
Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabyndan öý hojalykçy Ogulkeýik Allanurowna Baýramgulyýewa;
Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabyndan öý hojalykçy Annatäç Baýramgeldiýewa;
Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabyndan öý hojalykçy Nartäç Durdyýewa;
Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyndan öý hojalykçy Sofiýa Gurbannazarowna Durdyýewa;
Balkan welaýatynyň Serdar şäherinden öý hojalykçy Hurmagül Mämmetgylyjowa;
Balkan welaýatynyň Garabogaz şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň müdiri Dursun Kakyşowna Meretgylyjowa;
Balkan welaýat «Türkmenmallary» paýdarlar jemgyýetiniň Bereket etrabyndaky «Gazanjyk» daýhan birleşiginiň çopany Mahym Segsenowa;
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Balşat Şyhyýewna Artykowa;
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndan öý hojalykçy Merjen Halmedowa;
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň M. Garlyýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Azatgül Kakaýewa;
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndan öý hojalykçy Akgül Allajykowna Saparowa;
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan öý hojalykçy Ogulboldy Taňňyýewna Welmädowa;
Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň J. Hekimow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nowbahar Şaýyýewna Narmamedowa;
Lebap welaýatynyň Garabekewul etrabynyň Çagalar sungat mekdebiniň tam süpürijisi Güljemal Hudaýnazarowna Orazowa;
Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň «Daýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gulaýym Ilmuradowna Ýazmuradowa;
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap hassahanasynyň Aýnaköl saglyk öýüniň şepagat uýasy Enebaý Agaýewa;
Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Zarbibi Esenowna Gulhanowa;
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulgurban Gurbanowa;
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndan öý hojalykçy Şaperi Allanazarowna Muradalyýewa;
Mary welaýatynyň Murgap etrabyndan öý hojalykçy Ogulsabyr Täşliýewna Şyhnepesowa;
Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Zöhre Jumamyradowna Taňryberdiýewa.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2009 ý. maý aýynyň 30-y.
№ PP-5360