Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Ýurdumyzyň ussat halyçylaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Ýurdumyzyň ussat halyçylaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ýurdumyzyň ussat halyçylaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 5, 248-nji madda)

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň agzybir halkynyň milli buýsanjyna öwrülen gadymy halyçylyk sungatyny ösdürmek, taýsyz gözelligi we nepisligi bilen dünýä meşhur bolan türkmen halysynyň şan-şöhratyny has-da arşa götermek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken asylly we halal zähmetlerini, gazanýan uly üstünliklerini nazarda tutup, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Aşgabat çeper-synag halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ýazgül Begençgeldiýewna Pirmämmedowany,

Ahal welaýatynyň Baharly çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Amandursun Ataýewna Mämmäýewany,

Balkan welaýatynyň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ogulgurban Meretmyradowany,

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Köne-ürgenç önümhanasynyň halyçysy Aýjemal Ketjanowany,

Lebap welaýatynyň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 1-nji önümhanasynyň halyçysy Annabagt Saparowna Derýaýewany,

Marynyň boýag çeper halyçylyk kärhanasynyň Sakarçäge önümhanasynyň halyçysy Aýnagözel Suwhanowany Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2009 ý. maý aýynyň 23-i.

№ PP-5353