S. Pirmuhammedowy Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
S. Pirmuhammedowy Türkmenistanyň
III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 2, 125-nji madda)
Türkmenistanyň özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, halkara möçberindäki abraýyny ýokarlandyrmaga goşan saldamly goşandy, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de tutanýerli zähmeti üçin, şeýle hem Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Soltan Pirmuhammedowy Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2009 ý. fewral aýynyň 17-si.
№ PP-5305