Döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 10, 1054-nji madda)
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmäge, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylaryny watansöýüjilik we mertlik ruhunda terbiýelemäge, raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, türkmen jemgyýetinde asuda durmuşy üpjün etmäge, kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmäge goşan şahsy goşantlary üçin, şeýle hem ýurdumyzyň berkararlygyny goramakda we berkitmekde köp ýyllaryň dowamynda wepaly gulluk edendiklerini nazara alyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 19 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Türkmenistanyň Goranmak ministri Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýewi;
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Myrat Yslamowy;
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Güýçgeldi Hojaberdiýewi;
Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy Aman Allanurowiç Garaýewi;
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Meretgeldi Orazgeldiýewiç Berdiýewi Türkmenistanyň III derejeli «Watan öňündäki birkemsiz'harby gullugy üçin» medaly;
Türkmenistanyň Içeri işler ministri Isgender Handurdyýewiç Mulikowy Türkmenistanyň III derejeli «Birkemsiz gullugy üçin» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2010 ý. oktýabr aýynyň 27-si
№ PP-5668