Harby atlary we ýörite ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Harby atlary we ýörite ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 9-10, 1525-nji madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goranmak kuwatyny pugtalandyrmaga, döwletimiziň howpsuzlygyny berkitmäge, raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, türkmen jemgyýetinde asuda durmuşy, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge goşan şahsy goşantlary üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynyň 11-nji bölümine laýyklykda, karar edýärin:
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, general-maýor Myrat Yslamowa general-leýtenant harby adyny;
Türkmenistanyň Içeri işler ministri, polisiýanyň polkownigi Isgender Handurdyýewiç Mulikowa polisiýanyň general-maýory ýörite adyny;
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, podpolkownik Annamuhammet Amandurdyýewiç Hojamgulyýewe polkownik harby adyny;
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, maýor Döwrangeldi Garýagdyýewiç Baýramowa podpolkownik harby adyny dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly
Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2011 ý. oktýabr aýynyň 27-si.
№ PP-5883