Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 9-10, 1523-nji madda)
Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, türkmen halky bilen beýleki halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwatyny pugtalandyrmaga goşan saldamly goşantlary üçin, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Şu daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamaly:
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Din işleri boýunça Geňeşçi-Ministri Mohammad Jora Tahirini;
«Gospitaliýa Internasional» nemes kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktory Gerd Daýnerti;
«Polimeks Inşaat Taahhüt we Sanay Tiçaret A.Ş.» türk firmasynyň başlygy Erol Tabanjany;
«Polimeks Inşaat Taahhüt we Sanay Tiçaret A.Ş.» türk firmasynyň başlygynyň orunbasary Abdullah Gözeneri;
«Kotam Interpraýzis LTD» türk firmasynyň wise-prezidenti Gengörü Seda Muammeri;
«Eňgin Group Consorcium LTD» türk konsorsiumynyň prezidenti Engin Kaleni;
Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň direktorynyň durmuş-ykdysady ösüş işleri boýunça orunbasary Alekseý Anatolýewiç Tihomirowy.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2011 ý. oktýabr aýynyň 25-i.
№ PP-5876