Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

S. U. Babaýewa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

S. U. Babaýewa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

S. U. Babaýewa «Türkmenistanyň at gazanan

saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2011-nji ýyl, № 7, 1397-nji madda)

Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşandygy, ilatymyzyň saglygyny goramakda bitiren uly hyzmatlary, ýokary hünär ussatlygy hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken ak ýürekli, halal zähmeti üçin, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara iç keselleri merkeziniň Dikeldiş-sagaldyş bölüminiň müdiri Sähragül Umraimdurdyýewna Babaýewa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2011 ý. iýul aýynyň 18-i.

№ PP-5818