D. Tejenowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
D. Tejenowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi
üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 11, 2213-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, türkmen sportuny ösdürmekde we dünýä ýüzünde onuň abraýyny has-da belende götermekde bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem Watana wepaly, ussat türgenleriň terbiýelenip ýetişdirilmegine goşan saldamly goşandyny nazara alyp, Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Dörtguly Tejenowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2012 ý. noýabr aýynyň 14-i.
№ PP-6208