Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 5, 1903-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, onuň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde, hala çeper nagyşlar salmakda we ýaş halyçylary terbiýeläp ýetişdirmekde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we netijeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Aşgabat çeper-synag halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Nurtäç Myradowa;

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Baharly çeper halyçylyk kärhanasynyň haly ussahanasynyň halyçysy Annasoltan Mämmedowa;

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ogulbossan Hojagurbanowna Garaganowa;

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Enegül Hojagulyýewa;

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag önümhanasynyň halyçysy Kurban Esenowna Elmedowa;

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 1-nji önümhanasynyň halyçysy Annabagt Saparowna Derýaýewa;

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Marydaky boýag-çeper halyçylyk kärhanasynyň Ýolöten haly sehiniň müdiri Ogulbibi Abdullaýewna Berdimyradowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hotmatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2012 ý. maý aýynyň 21-i

№ PP-6066