Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 12, 2913-nji madda)
«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji , 54-nji, 56-njy, 72-nji, 73-nji we 82-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:
Jumageldi Baýramowy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesine täze möhlete bellemeli;
Gurbanmyrat Hudaýberdiýewi Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;
Döwlet Täşliýewiç Amantaganowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň Oguzhan etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;
Rejepdurdy Çaryýewiç Hudaýberenowy Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine täze möhlete belläp, şol kazyýetiň Prezidiumynyň düzümine girizmeli;
Sülgün Amanowna Annadurdyýewany Mary welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, şol kazyýetiň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Mary welaýatynyň Türkmengala etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;
Durdymuhammet Taňyrberdyýewiç Akjaýewi Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;
Toýly Orazgulyýewiç Annagulyýewi Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Derweze etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;
Gunça Taganowna Berdiýewany Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Serdarabat etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;
Jumamyrat Kakageldiýewiç Nazarowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Abadan etrap kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;
Rahman Joragulyýewiç Hojiýewi Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Abadan etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;
Gulröwşen Hemraýewna Annaýewany Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;
Babajan Gurbangeldiýewiç Welmämedowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;
Arzuw Remezanowna Ýaraşowany Aşgabat şäheriniň Abadan etrap kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;
Rozymyrat Durdyweliýewiç Hudaýberdiýewi Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;
Jora Durdalyýewi ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Ýolöten etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;
Gutlymyrat Atanowy Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly
Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri,
2013 ýylyň dekabr aýynyn 05-i.
№ PP-6469