Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güli Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güli Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013 ý., № 5, 2575-nji madda)
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär. Doganlyk türkmen we türk halklarynyň umumy taryhy kökleri hem-de gadymdan gelýän milli däpleri bu gatnaşyklaryň esasynda durýar. Iri we ygtybarly hyzmatdaşlarymyzyň birine öwrülen Türkiýe Respublikasy biziň ýurdumyz üçin iň ýakyn we doganlyk döwlet bolup durýar. Iki doganlyk ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barha pugtalanýar hem-de häzirki döwürde strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, medeni we ylym-bilim Igamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge, türkmen we türk halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça amala aşyran saldamly işlerini hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde bitiren hyzmatlaryny nazara Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güli Türkmenistanyň «Prezidentni Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2013-nji ýylyň maý aýynyň 29-y
№ PP-6341