Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
010.200.050
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý. № 9, 3770-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda il-ýurt bähbitli we giň möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda giň gerimli, taryhy özgertmeler durmuşa geçirilýär, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Häzirki döwürde «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiz has-da rowaçlanyp, ýurdumyzyň halkara abraýy belent derejelere göterilýär.
Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar ähli watandaşlarymyz bilen birlikde, medeniýet ulgamynyň işgärlerini, sungat ussatlarymyzy, ýazyjy-şahyrlarymyzy, ähli döredijilik işgärlerini hem täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy has-da ösdürmek, döwrebap eserler bilen kämilleşdirmek ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli berkarar Watanymyzda we daşary ýurtlarda ýokary derejede we guramaçylykly geçirilýän çärelere medeniýet we sungat işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Bagşy-sazandalarymyzyň, kompozitorlarymyzyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, žurnalistlerimiziň, suratkeşlerimiziň kämil eserleri; döretmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary we döredijilikli işlemekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.
Ýurdumyzyň milli medeniýetini, edebiýatyny, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatyny, žurnalistikany, telewideniýäni, radiony we medeni aň-bilim edaralaryny, metbugat we neşirýat ulgamyny ösdürmäge, döredijilik işgärlerini taýýarlamaga, berk bedenli we ruhubelent ýaş nesli terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlary, ýokary derejede çeper nakgaşçylyk eserlerini döredendikleri üçin, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de çeperçilik ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, joşgunly zehinini, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly, döredijilikli zähmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:
«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady:
Türkmen milli konserwatoriýasynyň Dirižýorlyk kafedrasynyň müdiri, dosent Gurbanmyrat Orazowiç Babaýewe,
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Medeniýet bölüminiň drama, folklor, tans toparynyň baş režissýory Sähet Durdyýewe;
«Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly ady:
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Nakgaşçylyk we taslama kafedrasynyň mugallymy Kakageldi Gurbangeldiýewe,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Rahymguly Işangulyýewe,
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Toýmämmet Esenmämmedowa;
«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady:
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölüminiň kitaphanaçysy Tuwakgül Gylyjowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Halk döredijiligi kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Annaçary Babaýewiç Çepbeýewe,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni guramaçylyk işi kafedrasynyň uly mugallymy Artykmyrat Silapowa,
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň Tikinçilik bölüminiň başlygy Antonina Andreýewna Kurtukowa,
Balkan welaýat medeniýet merkeziniň hojalyk işleri boýunça müdiri Oguldursun Dowyýewa,
Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň direktory Egambergan Reimbaýewe,
Türkmenistanyň döwlet sirkiniň Edara ediş-dolandyryş işgärleri bölüminiň baş inženeri Wladimir Fýodorowiç Saturowa;
«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady:
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Folklor-etnografiýa studiýasynyň aýdym-saz toparynyň artisti Ogulmeňli Ismailowna Muhamowa,
Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýörite fortepiano kafedrasynyň uly mugallymy Wladimir Sergoýewiç Mkrtumowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň drama artisti Narjan Rahmedowna Berdiýewa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň orkestr artisti Baýramguly Hojamgulyýewe,
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Oguljuma Tuwakowna Nuryýewa,
A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artisti Larisa Iwanowna Kosonogowa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Ýöritenebitgurnamagurluşyk» müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň halk-saz gurallary toparynyň bagşysy Döwletmämmet Gurbanowa,
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň hünärmeni Dinara Kuwandykowna Rozykulyýewa,
Mary welaýatynyň Altyn sähra etrap medeniýet merkeziniň sazandasy Berdimyrat Orazmuhammedowiç Geldiýewe;
«Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ady:
Daşogzuň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Söýun Meredowiç Amanowa,
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Akýaýla geňeşligindäki Ýelharaz oba medeniýet öýüniň sazandasy Hudaýberen Baýramowa,
Lebap welaýatynyň Sakar etrap medeniýet merkeziniň bagşylar toparynyň ýolbaşçysy Ören Atakowa,
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Medeniýet bölüminiň bagşylar öýüniň sazandasy Çaryýarguly Gurdowiç Ýakubowa;
«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady:
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň çeper ýolbaşçysy Ýelena Çaryýewna Annadurdyýewa,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň çeper ýolbaşçysy Wera Timofeýewna Koçiýewa,
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Aşyrmuhammet Rahmanowa,
Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz mugallymy kafedrasynyň uly mugallymy Aşyr Abdullaýewe,
Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň esasy konsertmeýsteri Wýaçeslaw Georgiýewiç Zarudine,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Nakgaşçylyk we taslama kafedrasynyň uly mugallymy Gylyçmyrat Ýazmyradowiç Nurlyýewe,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Dizaýn kafedrasynyň mugallymy Gurbangeldi Meredowa,
Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň Ýörite fortepiano bölüminiň mugallymy Swetlana Awanesowna Abadonowa,
Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep- internatynyň Üflenip çalynýan saz gurallary bölüminiň mugallymy Halyk Mamilowiç Garajaýewe,
Türkmenistanyň döwlet sirkiniň Çeper-döredijilik bölüminiň baş dirižýory Röwşen Öwezdurdyýewiç Nepesowa,
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Allaberdi Amangeldiýewe,
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Maral Ýakubowna Annanurowa,
Daşogzuň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Baýrammyrad Mulkiýewe,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Döwlet Annaberdiýewiç Sahatowa;
«Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ady:
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Lebap welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Hudaýberen Rozyýewiç Abraýewe,
«Turkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň Ykdysadyýet bölüminiň müdiri Wladimir Mihaýlowiç Komarowa,
«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň Lebap welaýaty boýunça öz habarçysy Marstal Žaziýewiç Bektasowa.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2015 ý. sentýabr aýynyň 10-y
№ PP-6811