Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.180.020

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler

girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2020 ý., № 4, 1510-njy madda)

«Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Hukuk goraýjy edaralaryň işiniň meseleleri boýunça raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet toparyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 19-njy fewralynda çykaran 4619-njy Permany (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2007-nji ýyldaky 2-nji ýygyndysynyň 36-njy maddasy) bilen tassyklanan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hukuk goraýjy edaralaryň işiniň meseleleri boýunça raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet toparynyň işiniň tertibi hakynda Düzgünnamada:

1) dördünji böleginde:

a) on birinji bendinde «Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň birinji sekretary» diýen sözleri «Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy» diýen sözler bilen çalşyrmaly;

b) on üçünji bendinde «Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky Zenanlar birleşiginiň başlygy» diýen sözleri «Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy» diýen sözler bilen çalşyrmaly;

2) bäşinji böleginiň birinji sözlemini şu görnüşde beýan etmeli:

«Topar öz işini hemişelik esasda alyp barýar, onuň mejlisleri zerurlyga göra, ýöne azyndan çärýekde bir gezek geçirilýär.»;

3) ýedinji böleginde «Raýatlaryň ýüztutmalary we olara garamagyň tertibi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda» diýen sözleri «Türkmenistanyň kanunçylygynda» diýen sözler bilen çalşyrmaly.

2. «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny we jogapkär wezipeli işgärlerini seçip almak, olaryň ätiýaçlyk toparyny döretmek hem-de olary ýerbe-ýer goýmak işini guramak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 17-nji fewralynda çykaran 5539-njy Permany bilen tassyklanan:

1) Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen wezipä bellenýän hem-de wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we jogapkär wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň Sanawynda:

a) birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi boýunça:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen wezipä bellenýänler we wezipeden boşadylýanlar:

Türkmenistanyň Goranmak ministri;

Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasary – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň serkerdesi;

Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň rektory;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň rektory;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň rektory;

Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen wezipä bellenýänler we wezipeden boşadylýanlar:

Türkmenistanyň Goranmak ministriniň terbiýeçilik, işgärleriň we goşunlaryň taýýarlygy boýunça orunbasary;

Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasary – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş ýaraglanyş müdirliginiň serkerdesi;

Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasary – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň serkerdesi;

Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasary – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň serkerdesi;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň serkerdesiniň orunbasary;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň serkerdebaşysy;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň serkerdebaşysynyň orunbasary;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň serkerdebaşysynyň orunbasary – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlary müdirliginiň dolandyryş bölüminiň serkerdesi;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň serkerdebaşysy;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň serkerdebaşysynyň orunbasary;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň serkerdebaşysynyň orunbasary – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň dolandyryş bölüminiň serkerdesi;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleri serkerdeliginiň serkerdesi;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň serkerdesiniň orunbasary – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Baş operatiw müdirliginiň serkerdesi;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň serkerdesiniň orunbasary – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Baş guramaçylyk-mobilizasiýa müdirliginiň serkerdesi;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş gözegçilik müdirliginiň müdiri;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş razwedka müdirliginiň serkerdesi;

Düzüm boýunça «general-maýor (kontr-admiral)» harby ady göz öňünde tutulan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş müdirliginiň serkerdesiniň orunbasarlary;

Düzüm boýunça «general-maýor (kontr-admiral)» harby ady göz öňünde tutulan serkerdeligiň serkerdeleri;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň №5 kärhanasynyň müdiri;

Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň okuw we ylmy işler boýunça prorektory;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň prorektorlary;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň prorektorlary;

Harby, harby-howa we harby-deňiz attaşesi.»;

b) ikinji böleginde «baş karargähiň başlygy» diýen sözleri «baş karargähiň serkerdesi» diýen sözler bilen çalşyrmaly;

ç) üçünji, bäşinji, sekizinji, dokuzynjy bölekleriniň soňky bentlerinde «başlyklary» diýen sözi «müdirleri» diýen söz bilen çalşyrmaly;

2) Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp wezipä bellenýän we wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we jogapkär wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň Sanawynda:

a) birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi boýunça:

Işgärler müdirliginiň müdiri;

Maddy-tehniki üpjünçilik müdirliginiň müdiri;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Raketa goşunlary we artilleriýa müdirliginiň serkerdesi;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Aragatnaşyk goşunlary we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary müdirliginiň serkerdesi;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Inžener goşunlary müdirliginiň serkerdesi;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Territorial goranyş goşunlary müdirliginiň serkerdesi;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin hünärmenleri taýýarlamak müdirliginiň serkerdesi;

Baş ýaraglanyş müdirliginiň Raketa-artilleriýa ýaraglary müdirliginiň serkerdesi;

Baş ýaraglanyş müdirliginiň Awtomobil tehnikalary müdirliginiň serkerdesi;

Baş ýaraglanyş müdirliginiň Bronetank tehnikalary müdirliginiň serkerdesi;

Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň Tyl müdirliginiň serkerdesi;

Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň Jaý-ulanyş we gurluşyk müdirliginiň serkerdesi;

Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Raýat goranyşy müdirliginiň serkerdesi;

Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri baradaky müdirliginiň serkerdesi;

Düzüm boýunça «polkownik (1-nji derejeli kapitan)» harby ady göz öňünde tutulan brigadanyň, birikmäniň serkerdeleri.»;

b) ikinji, dördünji, ýedinji böleklerinde «başlygy» diýen sözi «müdiri» diýen söz bilen çalşyrmaly;

ç) üçünji, bäşinji böleklerinde «başlygy», «başlyklarynyň», «başlyklary» diýen sözleri degişlilikde «müdiri», «müdirleriniň», «müdirleri» diýen sözler bilen çalşyrmaly;

d) altynjy böleginde «başlygy», «başlyklary», «kepillendiriş» diýen sözleri degişlilikde «müdiri», «müdirleri», «notarial» diýen sözler bilen çalşyrmaly;

e) sekizinji böleginde «bölüminiň başlygy», «başlyklarynyň orunbasarlary», «postunyň başlygy» diýen sözleri degişlilikde «bölüminiň müdiri», «müdirleriniň orunbasarlary», «postunyň müdiri» diýen sözler bilen çalşyrmaly.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 01-nji apreli

№ PP-672