Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.040

060.120.010

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň

75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2020 ý., № 4, 1511-nji madda)

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 75 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlarynyň, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hem-de beýik Ýeňşi hormatlamak we dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle hem 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabryndaky Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Teswirnama çözgüdini göz öňünde tutup, karar edýärin:

1. Şulary tassyklamaly (goşulýar):

1) «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Düzgünnamany;

2) «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyny gowşurmak hakynda Gollanmany;

3) «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalynyň şahadatnamasynyň nusgasyny.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, Türkmenistanyň Goranmak ministri, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 19-njy apreli

№ PP-673

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2020-nji ýylyň 19-njy aprelinde

çykaran PP-673-nji Permany bilen

tassyklandy

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň

75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly (ýazgysy goşulýar) bilen aşakda görkezilen adamlar sylaglanýar:

1) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar:

a) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşunyň düzümine giren harby bölümlerde, ştablarda, edaralarda harby gullugy geçen ýa-da olarda wagtlaýyn bolan harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilenler (harby bölümlerde terbiýelenenleri we ýaş esgerleri hem goşmak bilen);

b) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda şäherlerde gulluk eden we olary goramaga gatnaşan, hereket edýän goşunyň harby bölümleriniň harby gullukçylaryna bellenilen ýeňillikli şertlerde pensiýalar bellemek üçin gulluk eden diýlip hasap edilýän harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilenler, döwlet howpsuzlygy, içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserlerler düzümine degişli adamlar;

ç) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşunyň düzümine giren ýa-da şol döwürde şäherlerde ýerleşen, olaryň goralmagyna gatnaşan, hereket eden goşunyň harby bölümleriniň harby gullukçylaryna ýeňillikli şertlerde pensiýalar bellemek üçin artykmaçlyk hasaby bilen gulluk eden diýlip hasap edilýän harby bölümlerde, ştablarda we edaralarda ştatdaky wezipelerde bolan, goşunyň we flotuň, içeri işler, döwlet howpsuzlygy goşunlarynyň we edaralarynyň goşun gullugynda durman, şolaryň hatarynda işlän adamlar;

d) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Gyzyl Goşunyň hatarlarynda bolan adamlaryň ýagdaýyna getirilen we hereket eden söweş meýdanlarynyň tyl serhetleriniň ýa-da hereket eden flotlaryň operatiw zolaklarynyň çäklerinde goşunyň we flotuň bähbitleri üçin wezipeleri ýerine ýetiren kärhanalaryň, harby desgalaryň, halk komissarlyklarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri;

e) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşunyň harby bölümlerinde, duşmanyň tylynda ýa-da beýleki döwletleriň çäklerinde aňtawyň, garşylyklaýyn aňtawyň işgärleri, ýörite tabşyryklary ýerine ýetiren beýleki adamlar;

ä) 1944-nji ýylyň 1-nji ýanwary - 1945-nji ýylyň 9-njy maýy döwründe öňki SSSR-iň çäklerinde söweş tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde söweş hereketlerine gatnaşan harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilenler, goşun gullugynda durman, şolaryň hatarynda işlän adamlar, atyjy batalýonlaryň, halky goraýjy wzwodlaryň we otrýadlaryň esgerleri hem-de serkerdeler düzümi;

f) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşuna medeni hyzmat ugrunyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň iş saparyna iberilen işgärleri;

g) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda duşmana garşy meýletin toparlaryň, gizlinlikdäki toparlaryň, beýleki birikmeleriň hatarynda bolup, Germaniýa faşizminiň we onuň ýardamçylarynyň garşysyna söweş hereketlerine gatnaşan adamlar;

h) Beýik Watançylyk urşy döwründe söweş hereketleriniň netijesinde Germaniýa we onuň ýardamçylaryna ýesir düşen we soň bozulan hukugy dikeldilen öňki harby gullukçylaryň hataryndan bolan adamlar;

2) 1941-nji ýylyň 22-nji iýuny - 1945-nji ýylyň 3-nji sentýabry döwründe hereket eden goşunyň düzümine girmedik harby bölümlerde, edaralarda, harby-okuw jaýlarynda harby gullugy geçen we «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Germaniýadan üstün çykylyp gazanylan ýeňiş üçin» diýen medal ýa-da «Ýaponiýadan üstün çykylyp gazanylan ýeňiş üçin» diýen medal bilen sylaglanan harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilenler;

3) 1941-nji ýylyň 8-nji sentýabry - 1944-nji ýylyň 27-nji ýanwary aralygyndaky gabaw döwründe Leningrad şäheriniň (häzirki Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheri) kärhanalarynda, guramalarynda we edaralarynda işlän hem-de «Leningrady gorandygy üçin» diýen medal bilen sylaglanan adamlar we «Gabawdaky Leningradyň ýaşaýjysy» diýen nyşan bilen sylaglanan adamlar;

4) hereket eden söweş meýdanynda tyl serhetleriniň çäklerindäki, demir ýol we awtomobil ýollarynyň söweş meýdançalaryndaky howa hüjüminden goranyş desgalarynda, goraghana desgalarynyň, deňiz binýatlarynyň, howa gämileriniň duralgalarynyň we beýleki desgalarynyň gurluşygynda işlän adamlar;

5) ok-därileri we söweş tehnikasyny ýygnamak, çäkleri we desgalary partlaýjylardan zyýansyzlandyrmak işine goşun ýolbaşçylygy we döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary tarapyndan çekilen adamlar;

6) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ýurduň howpsuzlygynyň bähbitleri üçin Eýrana girizilen goşunlaryň düzüminde tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegine gatnaşan adamlar;

7) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň ýanýoldaşy (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda);

8) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlar.

2. «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglanan adamlara ýubileý medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.

3. «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly döşüň çep tarapyna dakylýar hem-de «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna» ýubileý medalyndan soň ýerleşdirilýär.

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik

Watançylyk urşunda gazanylan

Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý

medaly bilen sylaglamak

hakynda Düzgünnama

goşulýar

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda

gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalynyň

ÝAZGYSY

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly kümüş reňkli metaldan ýasalyp, diametri 32 mm bolan tegelek görnüşdedir.

Ýubileý medalynyň ýüz tarapynda ýokarda - çep elinde Şpaginiň pistolet-pulemýotyny (ŞPP) saklaýan, sag eli bilen Reýhstagyň binasynyň diwarynda rus dilinde «Победа» diýen sözi ýazýan, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň döwründäki meýdan eşikli, ýarym öwrülip duran ýeňiji esgeriň şekiliniň keşbi ýerleşdirilendir. «Победа» diýen sözüniň aşaky böleginde biri-biriniň aşagynda «1945» we «2020» sanlar bar.

Ýubileý medalynyň arka tarapynda, merkezde rus dilinde «75 ЛЕТ ПОБЕДЫ В ВЕЛИКОЙ ОТЕЧЕСТВЕННОЙ ВОЙНЕ 1941-1945» diýen ýazgy bardyr. Ýazgynyň aşagynda ýokaryk dürli taraplara gönükdirilen iki sany lawr şahalary şekillendirilendir, olaryň arasynda bäş burçly ýyldyzyň şekili bar.

Ýubileý medalynyň gyralary gyraň bilen jäheklenendir. Ýubileý medalyndaky ähli şekiller, ýazgylar we sanlar güberçek görnüşdedir.

Ýubileý medaly ildirgiç we halkajyk arkaly gyralarynda uzaboýuna iki sany gök çyzyk bilen çal reňkli ýüpek muara lentasy bilen örtülen bäş burçly kolodka birleşdirilendir. Lentanyň ini 24 mm. Lentanyň ortarasyndan bäş sany gezekleşýän gara we mämişi çyzyk geçýär. Ähli çyzyklaryň ini 1,0 mm.

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalynyň suraty:

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2020-nji ýylyň 19-njy aprelinde

çykaran PP-673-nji Permany bilen

tassyklandy

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň

75 ýyllygyna» ýubileý medalyny gowşurmak hakynda

GOLLANMA

1. Şu Gollanma «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyny (mundan beýläk - ýubileý medaly) gowşurmagyň tertibini kesgitleýär.

2. 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabryndaky Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Teswirnama çözgüdine laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti tarapyndan taýýarlanan we iberilen ýubileý medalyny wagtlaýyn saklamak üçin Türkmenistanyň Merkezi banky kabul edýär.

3. Ýubileý medaly Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna, bu urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryna (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda) hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara gowşurylýar.

4. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi şu Gollanmanyň üçünji böleginde görkezilen şahslara gowşurmak maksady bilen ýubileý medallaryny Türkmenistanyň Merkezi bankyndan degişli sanawa laýyklykda kabul edip alýar.

5. Ýubileý medallary gowşurylmazdan öň medal bilen sylaglamak barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okalýar.

6. Ýubileý medalyny Türkmenistanyň Prezidenti gowşurýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça ýubileý medallary şu Gollanmanyň üçünji böleginde görkezilen şahslara olaryň ýaşaýan ýerleriniň salgysy boýunça döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan gowşurylyp bilner.

7. Ýubileý medallaryny gowşurmak çärelerini utgaşdyrmak işlerine Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary gatnaşýarlar.

8. Şu Gollanmanyň üçünji böleginde görkezilen şahslary ýubileý medallary bilen sylaglamak olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminama laýyklykda amala aşyrylýar.

Ýubileý medallarynyň gowşurylandygy hakynda şu Gollanma goşunda laýyklykda degişli ýazgy edilýär.

9. Gowşurylmadyk ýubileý medallary degişli resminama bilen resmileşdirilip Türkmenistanyň Goranmak ministrligine iberilýär.

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik

Watançylyk urşunda gazanylan

Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý

medalyny gowşurmak

hakynda Gollanma

goşundy

___________________________________

(Türkmenistanyň döwlet edarasynyň ady)

T/b Familiýasy, ady, atasynyň ady Doglan senesi Öý salgysy Gowşurylan senesi we şahadatnamanyň belgisi

T/b

Familiýasy, ady, atasynyň ady

Doglan

senesi

Öý

salgysy

Gowşurylan senesi we şahadatnamanyň belgisi

1.

1.

2.

2.

3.

3.

4.

4.

______________________________ _________

(edaranyň ýolbaşçysynyň wezipesi) (goly)

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2020-nji ýylyň 19-njy aprelinde

çykaran PP-673-nji Permany bilen

tassyklandy

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalynyň

ŞAHADATNAMASYNYŇ NUSGASY

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» (Medalyň ýüz tarapynyň suraty) (Şahadatnamanyň belgisi) __________________________ (Sylaglanýanyň familiýasy) __________________ (ady) ____________________ (atasynyň ady) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň «____»_________ çykaran _____-nji (y) Permany bilen «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy «.......»............................2020 ý. TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ____________ (goly)

«1941-1945-nji ýyllaryň

Beýik Watançylyk urşunda

gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna»

(Medalyň ýüz tarapynyň suraty)

(Şahadatnamanyň belgisi)

__________________________

(Sylaglanýanyň familiýasy)

__________________

(ady)

____________________

(atasynyň ady)

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň «____»_________

çykaran _____-nji (y) Permany bilen «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen

sylaglandy

«.......»............................2020 ý.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI

GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW

____________

(goly)