Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini tassyklamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini tassyklamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.080

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky

komitetiň düzümini tassyklamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2020 ý., № 2, 1452-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini tassyklamaly (goşulýar).

2. «Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 6434-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2013-nji ýyldaky 9-10-njy ýygyndysynyň 2808-nji maddasy) birinji böleginiň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümine degişli bölegini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça Orunbasary hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2020-nji ýylyň 28-nji fewraly

№ PP-668

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2020-nji ýylyň 28-nji fewralynda

çykaran PP-668-nji Permany bilen

tassyklandy

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary

baradaky komitetiň

DÜZÜMI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň baş direktorynyň orunbasary, şol Merkeziň Döwlet muzeýiniň direktory (Komitetiň başlygy)

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory

«Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory

«Diýar» žurnalynyň baş redaktory

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktory

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň Ylmy guramaçylyk usulyýet bölüminiň müdiri

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri

Bellik: Komitetiň düzümine girýän beýleki medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň sanawy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan hödürlenýär.