Hatyra gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
010.210.010
Hatyra gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019 ý., № 10-11, 1310-njy madda)
Hatyra gününiň dynç gününe düşýändigi sebäpli, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2019-njy ýylyň 6-njy oktýabryndaky dynç gününi 7-nji oktýabra - duşenbe gününe geçirmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2019-njy ýylyň 04-nji oktýabry
№ PP-586