Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi bellemek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi bellemek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.210.010

140.010.010

190.020.020

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň

gününi bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 7-8, 1221-nji madda)

Saglygy goraýyş ulgamyny we derman senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň tutanýerli zähmetini, ilatymyzyň sagdyn ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmäge goşýan uly goşantlaryny dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi her ýylyň 10-njy oktýabrynda belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

3. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. Şu Perman 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2019-njy ýylyň 30-njy awgusty

№ PP-559