Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Z. B. Kakaýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Z. B. Kakaýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.050

Z. B. Kakaýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti»

diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 4-5, 180-nji madda)

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir halkymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerini, beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ruhubelent aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýändigi üçin, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti Zylyha Ballyýewna Kakaýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 27-nji apreli.

№ PP-98