«Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini üýtgedip guramak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
090.150.130
010.150.010
010.150.010
010.160.020
190.020.020
«Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini üýtgedip
guramak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 1, 966-njy madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 03.02.2022 ý. çykaran № PP-925 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Ýurdumyzda gurluşyk pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine birleşdirmeli.
Ikinji we üçünji bölekleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 03.02.2022 ý. çykaran № PP-925 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
4. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary D.Amangeldiýew, G.Myradow, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2019-njy ýylyň 29-njy ýanwary
№ PP-477