Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.040

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018-nji ýyl, № 8-9, 854-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojlygynyň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Eziz Diýarmyzyň her bir güni zähmet ýeňişlerine beslenip, Garaşsyz Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Geçirilýän bu beýik işlere zenanlarymyz hem işjen gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylaýarlar. Agzybir jemgyýetimizde jebisligi has-da berkitmäge saldamly goşant goşýarlar.

Jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy ogul-gyzlaryna mynas edep-terbiýe bermek bilen utgaşdyrýan mähriban zenanlarymyzyň sagdyn durmuş kadalaryny durmuşa ornaşdyrmakda, maşgala ojagynyň mukaddesligini gorap saklamakda bitirýän işleri hem sylag-hormata doly mynasypdyr.

Tükmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň halkynyň ruhy başlangyçlaryny we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zahmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Aramgül Annageldiýewany,

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Annasona Ballyýewany,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Dygdan Hojaýewany,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Türkmenistan geňeşliginiň Almatyşan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Sülgün Ýazmedowany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky 4-nji orta mekdebiniň müdiri Tamara Nurmamedowna Esenowany,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň H. Jumaýew adyndaky geňeşliginiň H. Jumaýew adyndaky obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Bibinabat Soltanowany.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 25-nji sentýabry

№ PP-416