Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini üýtgedip guramak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini üýtgedip guramak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.150.010

010.150.010

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini

üýtgedip guramak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018 ý., № 10-11-12, 880-nji madda)

Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň iş görnüşlerini giňeltmek we içerki bazaryň balyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini Türkmenistanyň Senagat ministrligine birleşdirmeli.

2. Türkmenistanyň Senagat ministrligini üýtgedilip guralan Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Senagat ministrligi:

1) üýtgedilip guralan Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň garamagyndaky kärhanalary olaryň pudagara algy-bergileri we bank karzlary bilen olaryň işiniň esasy ugurlarynyň we iş ýerleriniň saklanylyp galynmagy şertinde şu Permana goşunda laýyklykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmaly;

2) şu bölegiň 1-nji bendine laýyklykda hususylaşdyrylýan kärhanalaryň hasabyndaky durmuş maksatly desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň degişlilikde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň hasabyna kanunçylyga laýyklykda berilmegini üpjün etmeli.

4. Şu Permanyň üçünji bölegine laýyklykda hususylaşdyrylýan kärhanalary satyn alyjylara olara hyzmat edýän banklar satyn alynýan kärhanalaryň bahalaryny tölemek we gelejekde olaryň önümçiliklerini döwrebaplaşdyrmak üçin zerurlyga görä Türkmenistanyň Merkezi bankynyň serişdeleriniň hasabyna ýyllyk 1 göterim bilen 2 ýyl ýeňillikli döwri bolan 10 ýyl möhlete karz bermeli.

5. Şu Permanyň üçünji bölegine laýyklykda kärhanalary hususylaşdyrmakdan alnan serişdeleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň býujetden daşary hasabynyň üsti bilen üýtgedilip guralan Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň pudagara bergilerini we bank karzlaryny üzmek üçin gönükdirmeli we olaryň artan bölegini Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirmeli.

6. Türkmenistanyň Senagat ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

7. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary G.Myradow, K.Durdymyradow, Ç.Gylyjow, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Senagat ministri, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2018-nji ýylyň 12-nji oktýabry

№ PP-422

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda

çykaran PP-422-nji Permanyna

goşundy

Üýtgedilip guralan Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň garamagyndaky göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrylýan kärhanalaryň

SANAWY

№ Kärhananyň ady Kärhanany satyn alyjy

№

Kärhananyň ady

Kärhanany

satyn alyjy

1. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda balygy ösdürip ýetişdirilýän we gaýtadan işlenilýän önümçilik toplumy «Toý Zamany» hojalyk jemgyýeti

1.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda balygy ösdürip ýetişdirilýän we gaýtadan işlenilýän önümçilik toplumy

«Toý Zamany» hojalyk jemgyýeti

2. «Ahalbalyk» döwlet kärhanasy «Toý Zamany» hojalyk jemgyýeti

2.

«Ahalbalyk» döwlet kärhanasy

«Toý Zamany» hojalyk jemgyýeti

3. «Balkanbalyk» döwlet kärhanasy (gämileri bilen) «Hazar Balyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

3.

«Balkanbalyk» döwlet kärhanasy (gämileri bilen)

«Hazar Balyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

4. «Daşoguzbalyk» döwlet kärhanasy «Ak Durna» hususy kärhanasy

4.

«Daşoguzbalyk» döwlet kärhanasy

«Ak Durna» hususy kärhanasy

5. «Lebapbalyk» döwlet kärhanasy «Myradym» hususy kärhanasy

5.

«Lebapbalyk» döwlet kärhanasy

«Myradym» hususy kärhanasy

6. «Marybalyk» döwlet kärhanasy Telekeçi Orazow Guwanç

6.

«Marybalyk» döwlet kärhanasy

Telekeçi Orazow Guwanç

7. «Türkmenbalyk» söwda öýi we oňa degişli desgalary «Hazar Balyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

7.

«Türkmenbalyk» söwda öýi we oňa degişli desgalary

«Hazar Balyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti