Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

«Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň ýeňijilerini awtoulag serişdeleri bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

«Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň ýeňijilerini awtoulag serişdeleri bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

140.101.010

140.101.020

140.101.080

«Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň ýeňijilerini awtoulag serişdeleri bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018-nji ýyl, № 8-9, 851nji madda)

Türkmenistanda 2018-nji ýylyň 9-15-nji sentýabry aralygynda geçirilen «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynda ýeňiji bolan türkmenistanly gatnaşyjylary awtoulag serişdeleri bilen sylaglamak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Türkmenistanda 2018-nji ýylyň 9-15-nji sentýabry aralygynda geçirilen «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynda baýrakly orunlara eýe bolan awtoulaglaryň şu sürüjilerini hem-de ýolbeletlerini aşakda görkezilen awtoulag serişdeleri bilen sylaglamaly:

1) ýeňil awtoulaglaryň arasynda 3-nji orna hem-de T1 toparda 3-nji orna mynasyp bolan 100 belgili awtoulagyň sürüjisi Hojaguly Annamämmedowy «Mercedes-Benz E200 Coupe» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi we şol awtoulagyň ýolbeledi Gaýgysyz Akmyradowy «Toyota Avalon» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi bilen;

2) T2 toparda 3-nji orna mynasyp bolan 104 belgili awtoulagyň sürüjisi Guwançmyrat Hommadowy «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi we şol awtoulagyň ýolbeledi Rejepnyýaz Annaberdiýewi «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi bilen.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Sport ulag merkezine «MINI John Сooper Works Rally» kysymly awtoulag serişdesini sowgat bermeli.

3. Şu Permanyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda «Mercedes-Benz E200 Coupe» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi bilen sylaglamak hem-de «MINI John Сooper Works Rally» kysymly awtoulag serişdesini sowgat bermek bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň serişdeleriniň hasabyna, «Toyota Avalon» we «Toyota Camry» kysymly awtoulag serişdeleri bilen sylaglamak bilen bagly çykdajylary bolsa, «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynda hemaýatkär bolup çykyş eden Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we beýleki karz edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna degişli etmeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary P.Agamyradow, G.Myradow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy, Türkmenistanyň Içeri işler ministri, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 18-nji sentýabry

№ PP-411