Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.050

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018-nji ýyl, № 4-5, 716-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Beýleki pudaklar bilen birlikde, ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohumçylygyny kämilleşdirmek we baş sanyny artdyrmak, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek we atçylyk pudagynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, athanalar we atçylyk sporty boýunça okuw merkezleri gurlup, ulanmaga berilýär. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça hem zerur işler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny we seýisçilik sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, türkmen bedewlerini seýislemäge, olaryň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamaga aýratyn şahsy goşant goşandyklaryny, at çapmagyň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde uly işleri bitirendiklerini we ýokary netijeleri gazanandyklaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini, ýokary ussatlygyny we hünäre ezberligini nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň at gazanan atşynasy»

diýen hormatly ady:

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Atçylyk bölüminiň seýsi Annamämmet Aşyrowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Atly sport we atly syýahat bölüminiň türgençisi Rüstem Baýrammuhammedowiç Döwletowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Önümçilik bölüminiň atbakary Agamyrat Ýegräýewe,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, hususy atşynas Ilmyrat Seýitnazarowiç Seidowa,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, hususy atşynas Gaýypnazar Öwezsaparowiç Kiçigulowa,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, hususy atşynas Döwran Öwezowiç Myratgulyýewe;

«Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary»

diýen hormatly ady:

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, hususy atşynas Mälikguly Taýlyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 19-njy apreli

№ PP-346